PYRAGYNYŇ ADY BILEN ADYGAN


PYRAGYNYŇ ADY BILEN ADYGAN

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Pyragynyň ady bilen adygan» (Türkmenistanyň halk artisti Hommat Müllügiň doglan gününiň 85 ýyllygyna) atly döredijilik duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň guramagynda «Pyragynyň ady bilen adygan» ady bilen Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi Hommat Müllügiň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlap döredijilik duşuşygy geçirildi.

Bilşimiz ýaly Türkmenistanyň halk artisti Hommat Müllügiň döredijilik ussatlygy diňe teatr sungatynda däl-de eýsem, kino sungatynda-da öz aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Ol 40-dan gowrak filmde ýatdan çykmajak ajaýyp keşpleri döredýär. Olardan: «Aýgytly ädim» atly çeper filminde Mawynyň, «Magtymguly» atly çeper filminde Magtymgulynyň, «Döwranyň başdan geçirenleri» atly çeper filminde Döwranyň kakasynyň, «Aýal ata çykanda» atly çeper filminde Azadyň keşplerini uly buýsanç bilen belläp geçerliklidir.

Döredijilik duşuşygyna Türkmenistanyň Alp-Arslan adyndaky Drama teatryndan Türkmenistanyň halk artisti Döwlet Hanmämmedow, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Alty Sallandyýew hem-de Akmyrat Arçykow, Aşgabat şäherindäki Hommat Müllikow adyndaky 23-nji orta mekdebiniň mugallymy Jemal Aýnazarowa, zehinli artist Hommat Müllügiň gelni Bahar Müllikowa hem-de agtygy Aşgabat şäherindäki 50-nji orta mekdebiniň 12-nji synp okuwçysy Aýlar Müllikowa gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygyndaky myhmanlaryň gyzykly gürrüňleri, ýagny, artist hakyndaky ýatlamalar, kinofilmlerden görkezilen bölekler, Hommat Müllügiň bilen öz okan we ady dakylan Aşgabat şäherindäki 23-nji orta mekdebindäki şahsy muzeýi hakyndaky gürrüňler we guralan sergi dabara gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň sarpasyny has-da belende göterýän Mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.