REŇBE-REŇ GÜL AÇAR ÝAŞYL ÝAÝLASY
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda türkmen halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy» ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Dabarada çykyş edenler adamzat taryhynda öçmejek yz galdyran türkmeniň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň uzak asyrlaryň dowamynda özüniň köptaraply akyla ýugrulan ajaýyp eserleri türkmeniň adyny şöhratlandyrdy diýip, giňişleýin söhbet etdiler. Dabaranyň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürek buýsançlaryny beýan etdiler.