WATANYMY WASP EDÝÄN ŞAHYR BOLASYM GELÝÄR


WATANYMY WASP EDÝÄN ŞAHYR BOLASYM GELÝÄR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde «Bagtyýar nesiller» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alyş günlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligini wagyz etmek maksady bilen «Watanymy wasp edýän şahyr bolasym gelýär» ady bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň üsti bilen ýaş nesilleri halallyk, arassa ahlaklylyk, mertlik, adalatlylyk ruhunda terbiýelemegiň ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Bagtyýar çagalar hem öz döreden goşgularyny uly höwes bilen aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi çagalarda aýratyn täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň zehini açyp görkezmäge, olaryň ukyp-başarnyklaryny has-da kämilleşdirmäge giň mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.