ÇAGALARYŇ BAGTYÝARLYGY NURANA GELJEGIŇ KEPILI


ÇAGALARYŇ BAGTYÝARLYGY NURANA GELJEGIŇ KEPILI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Beýik Serdar nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Çagalaryň bagtyýarlygy nurana geljegiň kepili» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, okamaga, öwrenmäge, döretmäge we Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri, olaryň dünýäniň ösen tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilmekleri hem-de Diýarymyzyň ajaýyp ýerlerinde dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilýändigi barada gürrüň berdiler. Mundan başga-da türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň keşpleri hakynda, olaryň oňat gylyk-häsiýetleri barada çeper beýan etdiler.

Çäräniň ahyrynda ýaş nesillerimiz hakynda uly aladalar etýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.