UMUMY ADAMZAT ŞAHYRY MAGTYMGULY PYRAGY, GARAŞSYZ WATANYMYZ BAGTYŇ ÇYRAGY


UMUMY ADAMZAT ŞAHYRY MAGTYMGULY PYRAGY, GARAŞSYZ WATANYMYZ BAGTYŇ ÇYRAGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Neşirleri toplaýyş bölümi, Milli gaznahana ulgamyny döretmek, maglumatlary jemlemek, ulgamyň elektron binýadyny guramak we maglumatlary alyşmak bölümi, Kitap saklaýan bölümleri tarapyndan gurnalan «Umumy adamzat şahyry Magtymguly Pyragy, Garaşsyz Watanymyz bagtyň çyragy» atly söhbetdeşligi geçirildi.

Akyldar şahyr diňe bir öz döwründe däl-de, häzirki döwrümizde hem tutuş adamzat jemgyýetini özgerdiji, terbiýeleýji güýç bolup durýar. Beýik akyldaryň şygyrlary ynsan kalbynyň ruhy lukmany bolup, daşyň ýüzüne iňňe bilen oýup ýazylan ýaly, her bir adamyň ýürek töründe orun aldy.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlasy bilen şahyryň abraý-mertebesi has-da artyp, onuň eserleri dürli daşary ýurt dillerine terjime edildi. Magtymguly Pyragy adamzat kalbynyň beýik akyldar şahyryna öwrüldi.

Magtymgulynyň döredijiligi bu gün diňe türkmen halkyna däl, eýsem, umumadamzada ruhy lezzet berýär. Şonuň bilen birlikde, şahyryň döredijiligi durmuş bilen baglanyşykly meseleler babatda oýlandyrýan döredijilikdigini belläp geçdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Magtymguly Pyragynyň Berkarar döwlet baradaky arzuwyny hasyl edip, halkymyzy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaşadýan, söz ussadynyň sarpasyny has-da belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, il-ýurt bähbitli edýän aladalary hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.