«ADY BAR-DA, ÖZI ÝOK» ATLY TÄZE KITAPÇA BARADA


«ADY BAR-DA, ÖZI ÝOK» ATLY TÄZE KITAPÇA BARADA

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasyna Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen «Ady bar-da, özi ýok» atly kitapça gelip gowuşdy. Çagalar üçin niýetlenen bu kitapçada Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda gabat gelýän käbir guşlar bilen bagly rowaýatlar ýerleşdirilen. Bu rowaýatlaryň üsti bilen çagalarda türkmen tebigatyna we onda ýaşaýan guşlara bolan gyzyklanma döretmek göz öňünde tutulýar. Kitapçanyň sahypalary çagalaryň ünsüni çekjek owadan suratlar bilen bezelen. Kitapça bilen gyzyklanýan okyjylarymyzy kitaphanamyza çagyrýarys.