PARAHATÇYLYK–BAGTYÝARLYGYŇ GIREWI


PARAHATÇYLYK–BAGTYÝARLYGYŇ GIREWI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölüminde «Parahatçylyk–bagtyýarlygyň girewi» atly kitap sergisi gurnaldy. Bu kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri ýerleşdirildi. Ýurdumyzy parahat, asuda saklamaklyk üçin ähli tagallalar edilýän biziň ajaýyp mekanymyzda ýaş nesli watançylyk ruhda terbiýelemeklige uly üns berilýär. Halkymyzyň arkaýyn ýaşamagy üçin ýurt Baştutanlarymyzyň edýän uly tagallalary üçin biz köp sag bolsun aýdýarys. Goý Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli döwlet ähmiýetli işleri rowaç bolsun!