BILIMLI ÝAŞLAR WATANYMYZYŇ DAÝANJY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda ýöriteleşdirilen 85-nji orta mekdebinde «Bilimli ýaşlar Watanymyzyň daýanjy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen birlikde, bilim ulgamyny özgertmekde, ýaşlarymyzyň ýokary derejede bilim almagy, saýlan hünärleriniň eýesi bolmagy üçin täze taryhy döwrümizde giň dünýägaraýyşly, häzirki zaman ösen tehnologiýalara erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatynda nusgalyk işleriň durmuşa geçirilýändigi barada gürrüň berildi.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaşlaryň ylym-bilim almagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.