MEDENI-MIRAS
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Sungat bölümi tarapyndan «Bilimler we talyp ýaşlar güni» mynasybetli tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlige Döwlet kitaphanasynyň ýaş hem-de halypa işgärleri şeýle-de Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary, talyplary gatnaşdylar. Tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň: «Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan elýetmez ylham, ruhy güýç alýar» diýen çuňňur manyly jümlesinden ruhlanylyp geçirildi.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar Türkmenistanda Bilim syýasatynyň amala aşyrylyşy, mekdep okuwçylarydyr talyp ýaşlaryň bilim almaklary üçin diýarymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň edýän taýsyz tagallalary, şeýle-de üstümizdäki ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilip geçilýän Magtymguly Pyragynyň watançylyk agzybirlik, dostluk, gahrymançylyk hakyndaky goşgularynyň edebi-çeperçilik taýdan kämillige eýe bolup, türkmen halkynyň kalbynda mydamalyk orun alandygy we ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly çeşmedigi barada gürrüň etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Magtymguly Pyragynyň Berkarar döwlet baradaky arzuwyny hasyl edip, halkymyzy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaşadýan, söz ussadynyň sarpasyny has-da belende göterýän türkmeniň halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag bolmagyny, edýän sahawatly işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.