KITAP SERGISI


KITAP SERGISI

Gökderedäki «Nesil» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «Magtymguly diýip,adym tutsalar...» ady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň göçme kitap sergisi gurnaldy.

Bu göçme kitap sergisine Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmaklarynda «Magtymguly diýip,adym tutsalar...» diýen at bilen merkezara «Açyk gapylar»güni geçirildi. Bu göçme sergä Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş mekdebi bolan ajaýyp eserleri, Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi. Öz bilişimiz ýaly, Magtymguly atamyzyň arzuw eden ajaýyp döwri Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda hasyl boldy. Döwletimiz Berkarar, döwrümiz bagtyýar. Bu gün ady dünýä dolan eziz Watanymyz gün-günden ösýär we öňe gidýär. Her bir setiri nakyla öwrülen umumadamzat şahyry Magtymguly Pyragynyň dürdäne eserleri ýaş nesillerimizi Watansöýüji, arassa ahlakly, zähmetsöýer edip terbiýelemekde ajaýyp durmuş mekdebidir.

Sergä gatnaşan çagalar we mugallymlar bize ajaýyp durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli beýik işleriniň, täze başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.