BILIM ÖZGERTMELERIŇ–KÄMILLIGIŇ ÝOLY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 17-nji orta mekdebinde «Bilim özgertmeleriň–kämilligiň ýoly» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler halkymyzda «Bilim bilen hikmet–altyndan gymmat» diýen paýhasly aýtga eýerip bilim–jemgyýetiň ösüşini üpjün edýän, ony öňe ilerledýän gymmatlyk bolup durýär. Türkmenistan döwletimizde ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini kämilleşdirmek, bilim ulgamyny maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli gowlandyrmak babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändigi barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň dowamynda eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň netijesinde bilim ojaklarynyň sanynyň ýyl-ýyldan yzygiderli artmagy ol ýerde terbiýelenýän ýaşlaryň bilimli bolmagyna uly tagallalaryň edilýändigi barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýaşlaryň ylym-bilim almagynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.