NESILLERIŇ ŞATLYGY HER ÖÝÜŇ ABATLYGY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Nesilleriň şatlygy her öýüň abatlygy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler ösüp gelýän ýaş nesilleriň Gökderäniň goýnundaky çagalar sagaldyş we dynç alyş günleriniň dowam edýän günlerinde wagtlaryny sapaly geçirmekleri üçin uly işler alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalara türkmen halk ertekilerinden gürrüň berdiler we ertekileriň gahrymanlary hakynda sorag- jogap alyşdylar.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdymyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn kemala gelmegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.