BILIM–BAGTYŇ RÖWŞEN ÝOLY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 45-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň arasynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilim–bagtyň röwşen ýoly» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň ähli ugurlarynda uly ösüşlere beslenýändigi, şol sanda ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolunýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de ýurdumyzda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, ruhybelent hünärmenler we kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi babatda döwlet derejesinde taýsyz tagallalaryň edilýändigi barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ösen aň-düşünjeli, ukyp-başarnykly ýaşlary kemala getirmek, sanly bilim ulgamyny kämilleşdirip, ony durmuşymyza giňden ornaşdyrmak babatynda ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.