ENE GÖZELLIGI-DURMUŞ ÝÖRELGESI


ENE GÖZELLIGI-DURMUŞ ÝÖRELGESI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde gurnamagynda «Ene gözelligi-durmuş ýörelgesi» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmen zenanynyň abraýy, mertebesi, hormat-sylagy uly, oňa halk tarapyndan, döwlet tarapyndan goýulýan sarpa belentdir. Biziň türkmen halkymyzyň milliligi, ruhy-ahlak gymmatlyklary nusgalykdyr. Eneli ojakdan alaw alan sap arassa terbiýäniň maşgalada, jemgyýetde, Watanda uly ähmiýeti bardyr. Bir tarapdan, türkmen maşgala terbiýesi wajyplyga öwrülse, ikinji bir tarapdan, ondaky endikler, edim-gylymlar, urp-adatlar, däp-dessurlaryň bitewi şekili kämillige iterýän wajyplyklardyr. Adamyň durmuşynda ilkinji duýýan zady enäniň yssy mähri. Öz perzentlerine,daş-töweregine mähir paýlaýan enä bu ylahydan berlen iň uly serpaý bolmaly. Çünki enäniň ýyly mähri tükeniksizlige eýe. Ol mährine çoýan adamynyň kalbyny hem mähribanlyk duýgusyna gurşaýar. Enäniň iň uly arzuwy perzendinde jemlenýär. Ýagny perzendiniň ilhalar, watansöýüji, ähli gowy gylyk-häsiýetleri özünde jemleýän adam bolup ýetişmegindedir. Şeýle perzent her bir enäniň buýsanjyny, guwanjyny artdyrýar. Şonda ene perzendinde arzuwlarynyň wysalyny görýär. Bu enäniň ömrüne ömür goşmakdyr.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Mähriban enelerimizi mertebeläp, halkymyzy bagtyýar döwürde ýaşadýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.