ÇAGA TERBIÝESINDE ERTEKILERIŇ ORNY


ÇAGA TERBIÝESINDE ERTEKILERIŇ ORNY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda 6-njy çagalar bagynyň körpeje çagalaryň arasynda bilelikde guramagynda «Çaga terbiýesinde ertekileriň orny» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çaga terbiýesinde ertekileriň orny örän uly bolup, körpeler özlerine ertekilerdir goşgy, sanawaçlaryň birnäçe görnüşlerini ýerine ýetirip,berilmegini, suratly kitaplara seredip, ertekilerde gysganç, içýakmaz, ýalta adamlar paş edilip, hoşgylaw, dogruçyl, adalatly, ugurtapyjy, ynsanperwer häsiýetli gahrymanlar, süýji arzuwlar, gowy durmuş, adamkärçiligiň iň oňat mertebeleri haýwan keşpleriniň üsti bilen beýan edilýändigi barada gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.