WATANYMYZYŇ BUÝSANJY-BILIMLI ÝAŞLAR


WATANYMYZYŇ BUÝSANJY-BILIMLI ÝAŞLAR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, Bagtyýarlyk etrabynyň Medeniýet köşginiň bilelikde guramagynda «Watanymyzyň buýsanjy-bilimli ýaşlar» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kabul edilen ylym-bilim maksatnamasyna laýyklykda bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly nesilleri ýetişdirmäge döwletimiz tarapyndan uly ähmiýet berilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzda bilim bermek işine ylymyň soňky gazananlary, okatmagyň innowasion usullary, ýokary hilli elektron bilim maglumatlary giňden ornaşdyrylandygy, sanly bilim ulgamy işjeň ösdürilýändigi barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda ýaşlary elmydama üns merkezinde saklap, geljegimize uly ynam bildirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.