ASYRLARYŇ DOWAMYNDA IKI MUKADDES METJITLER, GOLÝAZMALARYŇ GÖZELLIGI WE OLARYŇ HAS SEÝREK DUŞ GELÝÄNLERI


ASYRLARYŇ DOWAMYNDA IKI MUKADDES METJITLER, GOLÝAZMALARYŇ GÖZELLIGI WE OLARYŇ HAS SEÝREK DUŞ GELÝÄNLERI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna Saud Arabystany Patyşalygynyň wekilleriniň gezelenji.

Saud Arabystany Patyşalygynyň Patyşa Abdul Aziz adyndaky Ylmy merkeziniň Türkmenistanda «Asyrlaryň dowamynda iki mukaddes metjitler, golýazmalaryň gözelligi we olaryň has seýrek duş gelýänleri» atly sergä we «Türkmenistandaky arap dilindäki golýazmalary» atly seminaryna gatnaşan wekilleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna gezelenç etdiler.

Türkmenistan dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek ugrunda birnäçe işleri alyp barýar. Biziň dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň, medeni gatnaşyklarymyzyň ösmeginde dürli ýurtlaryň kitaphanalary bilen Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanamyzyň gatnaşyklarynyň örän uly ähmiýeti bardyr. Şu gün hem Döwlet kitaphanamyza gelen myhmanlarymyz özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Bu bolsa Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň, dost-doganlyk hyzmatdaşlygynyň ýokary derejede ösendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň gerimini barha giňeldýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!