HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ «BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ ŞANLY MENZILLERI» ATLY TÄZE KITABYNDAN KITAPHANA SYNY GEÇIRILDI


HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ «BERKARAR DÖWLETIŇ TÄZE EÝÝAMYNYŇ ŞANLY MENZILLERI» ATLY TÄZE KITABYNDAN KITAPHANA SYNY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine gelip gowşan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» atly täze kitabyndan kitaphana syny geçirildi.

Kitaphana synynda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri» atly täze kitabynyň many-mazmuny hakynda, kitabyň publisistik häsiýetli dowamly neşir edilýän 1-nji tomunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylda alyp baran işlerini beýan edýän ylmy we maglumat materiallary çap edilendigi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň şu toma girizilen işleri ýurdumyzyň ylmyny, aýratyn hem taryhyny, syýasatşynaslygy, jemgyýeti öwrenişi mundan beýläk-de döredijilikli ösdürmek üçin nazaryýet we amaly taýdan uly gymmatlyga eýedir. Kitap döwlet Baştutanymyzyň taglymatlaryny we syýasatyny wagyz etmekde, ýurdumyzda bolup geçýän giň gerimli özgertmeleri giňden hem-de dogruçyl beýan etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Bu neşir ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik we ýokary ahlaklylyk ruhunda terbiýelemekde, ýaşlarda sagdyn durmuş ýörelgesiniň medeniýetini hem-de ýokary raýat jogapkärçilik duýgysyny kemala getirmekde bahasyna ýetip bolmajak orny eýeleýändigi hakynda uly buýsanç bilen beýan etdiler.