TÜRKMENIŇ SAÝRAK BILBILI


TÜRKMENIŇ SAÝRAK BILBILI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan bölümiň okalga zalynda «Türkmeniň saýrak bilbili» atly kitap sergisi gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, milliligini, däp-dessuryny, ylmyny-bilimini öwrenmeklige giň ýol açyldy. Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredildi. Kitap sergisinde türkmen medeniýetinde öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize bagyşlanan kitaplar öz beýany tapýar. Gahryman Arkadagymyz: «Biz öz sungatymyza, medeniýetimize hyzmat edip, mynasyp goşant goşan adamlara guwanmaga haklydyrys» diýip belläp geçýär.

Medeniýetimiziň hak howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.