MILLILIK–HALKYMYZYŇ MIZEMEZ GYMMATLYGY


MILLILIK–HALKYMYZYŇ MIZEMEZ GYMMATLYGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenhaly Döwlet birleşiginiň, Türkmen halysynyň milli muzeýiniň bilelikde guramagynda «Millilik–halkymyzyň mizemez gymmatlygy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler merdana türkmen halkymyz milliligimizi, medeni mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy uzak heňňamlaryň dowamynda pähim-paýhas eleginden geçirip, taraşlap, şu güne çenli ýetirip, has-da kämilleşdirilip gelýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de nurana kalply enelerimiziň asyrlarboýy döreden we halkyň aňynda saklanyp galan milli gymmatlyklary baý mirasymyzyň nusgalarydygyny, olarda halkymyzyň durmuşy, milli aýratynlygy giňden şöhlelenýändigini, ol gymmatlyklar türkmeniň aň-paýhasynyň, ukyp başarnygynyň miwesidigini buýsanç bilen beýan etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.