DÖWÜR BILEN AÝAKDAŞ


DÖWÜR BILEN AÝAKDAŞ

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň guramagynda «Döwür bilen aýakdaş» atly göçme okuw tejribe sapagy geçirildi.

Okuw-terbiýeçilik işlerinde ýerli maglumatlary peýdalanmak we okatmagyň täzeçe usullaryny ulanmak arkaly talyplaryň geljekde bilim almak, öz saýlap alan hünärine eýe bolmak barada aňly-düşünjeli çözgütleri kabul etmek başarnyklaryny ösdürmek maksady bilen gurnaldy. Okuw tejribe sapagy bilen ugurdaş talyp ýaşlaryň özleriniň alyp barýan ylmy barlag işleri we gurnalan okuw tejribe sapagynyň täsiri uludyr. Olar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp döwrüň ösen tehnologiýalaryndan üstünlikli baş alyp çykýarlar.

Çäräniň ahyrynda ýurdumyzda ylym-bilim özgertmeleri üstünlikli amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.