BILIM-YKBAL ÝOLUNYŇ NURLY AÇARY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli «Bilim-ykbal ýolunyň nurly açary» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda kabul edilen ylym-bilim maksatnamasyna laýyklykda bilim ulgamyny dünýä derejesinde döwrebaplaşdyrmaga, ruhy taýdan kämil, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly nesilleri ýetişdirmäge döwletimiz tarapyndan uly ähmiýet berilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ýurdumyzda bilim bermek işine ylymyň soňky gazananlary, okatmagyň innowasion usullary, ýokary hilli elektron bilim maglumatlary giňden ornaşdyrylandygy, sanly bilim ulgamy işjeň ösdürilýändigi barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda ösüşleriň ylym-bilim atly ganatlarynyň giňden ýaýramagy üçin atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.