BAGTYÝAR NESILLER-BIZIŇ GELJEGIMIZ


BAGTYÝAR NESILLER-BIZIŇ GELJEGIMIZ

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, guramagynda «Bagtyýar nesiller-biziň geljegimiz» atly gezelençli söhbetdeşlik geçirildi.

Ýurdumyzda nesilleriň bagtyýar we sagdyn ösüp ulalmagy, ýaşlaryň Watana wepaly nesiller bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär. Ýaş nesilleri watansöýüji, arassa ahlakly, belent adamkärçilikli, ruhubelent, giň dünýä garaýyşly, ylymly-bilimli adamlar edip ýetişdirmekde çagalaryň kitaba söýgüsini, okamak höwesini artdyrmagyň örän uly ähmiýeti bardyr. Ýaş nesillerimiziň giň dünýägaraýyşly, kämil ruhly we berk bedenli bolup ýetişmekleri biziň her birimiz üçin derwaýysdyr. Çünki biziň ýagty geljegimiz ýaş nesiller bilen aýrylmaz baglydyr. Ýurdumyzda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn ösmegi, doly derejeli dynç almagy hem-de wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanmyzyň geljegi bolan ýaş nesillere döwrebap, kämil terbiýe, ylym-bilim bermekde, eşretli, bagtyýar durmuşy üpjün etmekde ähli tagallalary we bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.