HALAL MAŞGALA-ABADAN DÖWLET


HALAL MAŞGALA-ABADAN DÖWLET

Arkadag şäher häkimliginiň Bagt köşgi toý dabaraly merkezinde «Halal maşgala-abadan döwlet» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde halkymyzyň durmuş derejesi ýokarlanýar. Eşretli zamanamyzda ýaşaýan türkmen maşgalasyna agzybirlik, halallyk, asudalyk, birek-birege hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, sabyr-kanagatlylyk ýaly iň gowy gylyk-häsiýetler mahsusdyr. Ynsan durmuşy, jemgyýetçilik ýaşaýyş, üstünlikleri Watana, halka, işine wepalylyk, halallyk ruhunda terbiýelemegi bilen berk bagly bolup durýar. Halallyk durmuşymyzy gözelleşdirýän, ýaşaýyşymyza nur saçýan şöhledir. Şonuň üçin halkymyz nesil terbiýesini zähmet terbiýesi bilen utgaşykly alyp barýar. Perzendini zähmet çekmäge gönükdirmek arkaly terbiýeleýär. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, päk ýürekden we joşgunly zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär. Şonuň üçin hem arassa, halal işlemek, eziz Watanymyza päk ýürekden gulluk etmek biziň her birimiziň borjumyzdyr.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halal zähmet çekmäge, medeniýetli dynç almaga giň mümkinçilikleri döredýän, türkmen halkyna bagtyýarlygy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.