BILIMLI ÝAŞLAR BUÝSANJYMYZDYR
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Arkadag şäheriniň Aba Annaýew adyndaky atçylyk akademiýasynyň talyplarynyň, Arkadag şäheriniň 10-njy orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Bilimli ýaşlar buýsanjymyzdyr» atly gezelençli söhbetdeşlik geçirildi.
Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty netijesinde, ähli ulgamda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylyp, belent sepgitlere ýetilýär. Ylym-bilim rowaçlyklaryň açary, röwşen geljegiň binýady hasaplanýar. Şol sanda, ylym-bilim ulgamynda hem şanly menzillere, ajaýyp üstünliklere eýe bolýar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi hem-de döwletimizde türkmen halkynyň iň ýokary gymmatlyklarydyr dünýä tejribesiniň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýän bilim syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagy Watanymyzyň geljekki ösüşiniň girewi bolup durýar.
Gezelençli söhbetdeşligiň ahyrynda Berkarar döwletimizde ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Garaşsyz hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşini üpjün etmek ugrunda alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.