TÜRKMEN MILLI OÝUNLARYNYŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda, Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan çagalaryň arasynda «Türkmen milli oýunlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde türkmen milli oýunlary öz gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýanlygy, milli oýunlaryň ýaşuly nesliň tejribesini çagalara we ýaşlara geçiriji serişde bolup, hemmetaraplaýyn ösen kämilleşen şahsyýeti kemala getirmekde türkmen milli oýunlarynyň hemme döwürlerde-de möhüm ähmiýete eýe bolup durýanlygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalar milli oýunlary oýnanlarynda, adatdaky ýaly dostluk, ýoldaşlyk duýgusyny, Watana bolan söýgüsini we beýleki asylly häsiýetlerini aýdyň ýüze çykarýandygy barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.