GADYMYÝETIŇ ÝAŇY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Gadymyýetiň ýaňy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren «Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ajaýyp kitaby hakynda beýan edip, gadymy ýadygärlikler baradaky maglumatlary özünde jemleýän «Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitapda gadymy kerwen ýolunyň taryhyny, häzirki döwürdäki we geljekdäki ähmiýetini giňden beýan edilýändigini, Beýik Ýüpek ýolunyň döremegi, kerwen söwdasynyň gözbaşlary, gadymy Gündogaryň siwilizasiýalarynyň medeni gatnaşyklary, bu täsin ýoluň hereket eden döwründe Türkmenistanyň taryhy ýerleriniň ösüşiniň şäher gurluşyk aýratynlyklary, medeniýetleriň özara baglanyşmagy, taryhy ähmiýetli ýoluň gaýtadan dikeldilmegi ugrunda uly tagallalaryň edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.