TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY HAKYNDA
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň telekommunikasiýa we informatika institutynyň mugallymlary we «Miras» teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler taryhy çeşmeleriň tassyklamagyna görä, türkmenler halkyň öňe çykaran, saýlan adamlaryna, il-ulsuň wekillerine, ýaşululara hemişe sylag-hormat bilen garapdyrlar. Çünki olar milli däpleri we durmuş paýhasyny nesilden-nesle geçirip sarpalapdyrlar. «Halkda Hakyň ady bar», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen ýaly pähimleri döreden parasatly pederlerimiz her bir işde il-halka geňeşipdir. Şu ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem bu durmuşy ýörelgäniň mynasyp dowamy bolup, nusgalyk döwlet taglymaty bilen beýik geljegi gurýandygymyzyň aýdyň nyşanydyr diýip, belläp geçdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.