ARKADAGYŇ ESERLERI GÖRELDE HEM ÝÖRELGE
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda Täze zaman Medeniýet öýünde «Arkadagyň eserleri görelde hem ýörelge» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň ähmiýetiniň örän uludygy, ýaş nesillerimiz, talyplarymyz tarapyndan uly söýgi bilen okalýandygy, bu kitaplarda asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan taryhymyz, dünýä nusgalyk ýol-ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz, milli mirasymyz barada ähli maglumatlaryň jemlenendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň eserlerindäki Watana, ene topraga, ata-eneňe, dost-ýaryňa wepaly bolmak, halal zähmet çekmek baradaky ajaýyp jümleleri ýaşlar üçin uly terbiýe mekdebi bolup durýandygy barada giňişleýin beýan etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.