KALPLARDA ORUN ALAN AKYLDAR ŞAHYR
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Magtymguly seýilgähinde «Kalplarda orun alan akyldar şahyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýurdumyzda giňden bellenilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de häzirki döwürde halkymyzyň asyllylyk, ynsanperwerlik ýaly ýol-ýörelgelerini, milli gymmatlyklaryny nesillerden nesillere geçirmek, ugrunda uly işler alnyp barylýandygyny, durmuşyň ähli taraplaryny şygryýet dünýäsine siňdiren akyldar şahyryň baý edebi mirasy bu gün kalplarda aýdym bolup belentden ýaňlanýandygy barada giňişleýin beýan etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda söz ussady Magtymguly Pyragynyň sarpasyny belende göterýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.