TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ NUSGAWY WEKILLERINIŇ DÖREDIJILIGINDEN


TÜRKMEN EDEBIÝATYNYŇ NUSGAWY WEKILLERINIŇ DÖREDIJILIGINDEN

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Türkmen edebiýatynyň nusgawy wekilleriniň döredijiliginden» ady bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde türkmen edebiýatynyň nusgawy wekilleri öz eserleri bilen dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyny baýlaşdyryp, şahyrlaryň durmuşyny beýan edýän, watançylyk, ynsanperwerlik, dost-doganlyk, zähmete, halal gazanja bolan söýgi, ýürek owazyny çeper aňladýan goşgulary ýüreklere teselli berip dilden-dile geçip, ýaş nesiller üçin uly terbiýeçilik mekdebi bolup gelendikleri barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halypa şahyrlarymyzy ýatlamaga, olaryň ajaýyp eserleri bilen giňişleýin tanyş bolmaga halypa-şägirtlik ýoluny alyp barmaga döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.