HÜNÄR BÄSLEŞIGI


HÜNÄR BÄSLEŞIGI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Kärdeşler arkalaşygy bilen bilelikde gurnamagynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda kitaphanalardan öňdebaryjy, ökde, ýaş wagyzçy kitaphanaçylaryň ýüze çykarmak maksady bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalaryň hünärmenleriniň arasynda «Magtymguly Pyragy–şygry paýhas ummany» ady bilen hünär bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşikde kitaphana işgärleri kitaphana işiniň dürli ugurlary, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi,şygyrlary boýunça bäsleşdiler. Şertlere laýyklykda emin agzalary tarapyndan öňde baryjy kitaphana hünärmenleri saýlanyldy. Bäsleşige gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda çykyş edenler agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler!