MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI DÜNÝÄMIZIŇ HAZYNASY


MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGI DÜNÝÄMIZIŇ HAZYNASY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanada «Magtymgulynyň döredijiligi dünýämiziň hazynasy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler beýik akyldaryň edebi mirasy näçe öwrenilse-de, onuň paýhas ummany uç-gyraksyzdygy, şahyryň diwanlary bahasyna ýetip bolmajak edebi gymmatlykdygy, türkmeniň taryhyna, medeniýetine, durmuş pelsepesine, halk döredijiligine, milli özboluşlylygyna aralaşmakda ygtybarly çeşmesidigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy hemişe ynsana kämillik ýoluny salgy bermek bilen, nesilleriň watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhynda terbiýelemegiň ajaýyp ýörelgesi bolup durýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sarpasyny has hem belentde göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.