SÖZ USSADY MAGTYMGULY PYRAGY


SÖZ USSADY MAGTYMGULY PYRAGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Oba-hojalyk edebiýatlary bölümiň gurnamagynda «Söz ussady Magtymguly Pyragy» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň diňe bir türkmen halkynyň akyldar şahyry bolmak bilen çäklenmän, eýsem umumadamzat şahyrydygyny, Magtymguly atamyzyň öwüt-nesihat, watansöýüjilik, ar-namys, yşk-söýgi, gaýratlylyk ýaly nakyla öwrülip giden gymmatly setirleri, ajaýyp goşgulary hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.