ASYRLARYŇ JÜMMÜŞINDE YZ GOÝUP, BAGTLY NESILLERE ÝETEN PYRAGY
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Aşgabat» seýilgähinde «Asyrlaryň jümmüşinde yz goýup, bagtly nesillere ýeten Pyragy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler türkmen halkymyzyň guwanjy hem buýsanjy bolan Magtymguly Pyragy öz zamanasynyň dürli ylymlaryndan birkemsiz baş çykaran akyldar şahyr, beýik söz ussady höküminde çuň pikirleri, paýhasly jümleleri diňe bir öz döwrüniň däl, eýsem geljekki nesilleriň kalbynda edebi ýaşajak pikirleri jahana ýaýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de Beýik akyldar şahyryň: «Aýdar Magtymguly, sözüm älemdir, nesihatym uly ile ylymdyr» diýen setirleri bilen, ynsany kämillige ýetirýän iň ygtybarly ýoluň ylymdygyny hakynda beýan etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.