KALPLARA RUHY SIŇEN PYRAGY
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde guramagynda «Kalplara ruhy siňen Pyragy» atly tegelek stoluň başyndaky söhbetdeşlik geçirildi.
Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň şahyry hökmünde tanalýar, çünki akyldar şahyryň goşgulary ähli ynsanlar üçin paýhasdyr, nesihatdyr. Asyrlaryň geçendigine garamazdan, türkmen halkynyň görnükli oglunyň döreden eserleri özüniň ähmiýetini ýitirmän, ýurdumyzdan has uzaklarda-da uly meşhurlyga eýedir. Sebäbi olarda Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahat söýüjilik, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş ýaly hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklary öz aýdyň beýanyny tapýar. Magtymguly Pyragynyň dürli halklaryň dillerine terjime edilen goşgulary dünýäniň ähli künjeginde ýaşaýan adamlaryň kalplarynda öçmejek yz goýýar. Magtymguly Pyragynyň dünýä hakyndaky, durmuş we adam hakyndaky oýlanmalarynda ýaşaýşyň manysyna akyl ýetirmegi, ylym öwrenmegi, ýagşy-ýamana göz ýetirmegi, kanagatly bolmagy, myhmansöýerligi ündeýär. Akyldar şahyryň edeplilige, agzybirlige, halallygy wagyz edýän goşgulary ynsan ruhyny baýlaşdyrýar.
Söhbetdeşligiň dowamynda akyldar şahyryň millilige, ynsanperwerlige ýugrulan çeper döredijiligi ýaş nesilleri watançylyk ruhynda terbiýelemekde, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýedigi barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge uly mümkinçilikler döredip berýän, taryhy şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.