DURMUŞDA KITABYŇ ÄHMIÝETI


DURMUŞDA KITABYŇ ÄHMIÝETI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, «Arkadag» teleýaýlymynyň we Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň bilelikde gurnamagynda «Durmuşda kitabyň ähmiýeti» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Kitap egsilmez hazyna. Kitap adama edil howanyň, günüň, suwyň zerur bolşy ýaly, gerekdir. Kitap gatyny agtaryp, tebigatyň täsinligini, mährem topragyň tükeniksiz baýlygyny, Watanyň taryhy geçmişini, şu günüň beýik ösüşlerini öwrenýän ynsanyň ýaşaýyşa, durmuşa bolan gözýetimi giňeýär. Ynsanyň ruhyna täsir edýän kitaby okamaklygyň netijesinde gaýratly, edepli, Watanyny, zähmeti söýýän, däp-dessurlara uýýan, ynsanperwer, kanagatly, pespälli, tutanýerli, sagdyn, halal häsiýetli adamlar kemala gelýär. Kitap munuň özi milli ruh, geçmiş, şu gün we ertir baradaky umumadamzat pelsepesidir, ylmy açyşlaryň açarydyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş berýän döwlet ähmiýetli kitaplary halkymyz üçin gymmatly gollanma. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary türkmen halkymyzyň, esasan hem, ýaşlaryň ýankitabyna öwrüldi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzda ylym-bilimli, watansöýüji kämil şahsyýetleri kemala getirmekde beýik özgertmeleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.