WATAN DIŇE HALKY BILEN WATANDYR, DÖWLET DIŇE HALKY BILEN DÖWLETDIR


WATAN DIŇE HALKY BILEN WATANDYR, DÖWLET DIŇE HALKY BILEN DÖWLETDIR

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap geňeşligi, Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen bilelikde «Watan diňe halky bilen Watandyr, Döwlet diňe halky bilen Döwletdir» atly şygar esasynda söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine görülýän taýýarlyk barada buýsançly gürrüňler edildi. Oguz han türkmeniň döwründen gözbaş alyp gaýdýan ýörelgeleri dowam etdirip, «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen atalar sözüne eýerip, il bähbitli, ýurt ähmiýetli kararlary jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleri bilen maslahatlaşmak ýaly asylly däpleriň mynasyp dowam etdirilýändigi aýratyn nygtaldy. Gurnalan sergi hem aýratyn täsir galdyrdy.

Söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyzyň ýagty geljegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.b>