KITAPHANA ÖZ OKYÝJYLARY BILEN


KITAPHANA ÖZ OKYÝJYLARY BILEN

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýaşajyk okyjylary bilen ýylymyzyň «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygary hem-de dana şahyrymyzyň sarpalanyşy barada, kitaphanamyza gelip gowuşan Magtymguly Pyraga bagyşlanylyp döredilen kitaplar we olaryň many-mazmuny hakynda tanyşdyrmak maksady bilen duşuşyk geçirdi.

«Magtymguly Pyragy dünýä danasy» atly kitaphanamyzda gurnalan sergi okyjylarymyzda aýratyn täsir galdyrdy. Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkyny ajap eýýamda ýaşadýan, ýaş nesillerimizi okamaga, öwrenmäge, bilim almaga uly mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar sözleri beýan edildi.