MAGTYMGULY PYRAGY–KÖŇÜLLERIŇ ÇYRAGY


MAGTYMGULY PYRAGY–KÖŇÜLLERIŇ ÇYRAGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň gurnamagynda «Magtymguly Pyragy–köňülleriň çyragy» ady bilen edebi duşuşyk dabarasy geçirildi. Dabarada Magtymguly Pyragynyň Watançylyk temasyndaky goşgulary hakynda şeýle-de akyldar şahyryň keşbiniň dürli ýyllarda sahnalaşdyryşy hakynda gürrüň edildi.

Dünýäniň genji-hazynasyna özüniň gaýtalanmajak eserleri bilen goşandyny goşan, öz ýaşan döwrüni şygyrlarynyň üsti bilen beýan eden Magtymguly Pyragy ölmez-ýitmez eserleri döreden, öňden görüji dana. Magtymgulynyň şygyrlary ýyllar geçdigiçe ýüreklere has ýakynlaşýar. Hawa, Magtymguly Pyragy diňe bir öz döwrüniň şahyry bolman, eýsem ähli döwürleriniň şahyrydyr. Magtymguly Pyragynyň ahlak, terbiýe, ynsanperwerlik, adamkärçilik hakyndaky şygyrlary uly ähmiýete eýedir. Şahyryň watançylyk äheňini süňňüne siňdiren goşgulary ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly çeşmedir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz: «Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan elýetmez ylham, ruhy güýç alýar» diýip belläp geçýär.

Türkmen medeniýetini, türkmen edebiýatyny Magtymguly Pyragysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ol mähriban topragymyzyň hakyky watançysy we joşgunly waspçysy hasaplanýar. Şahyryň watançylyk agzybirlik, dostluk, gahrymançylyk, birleşmek hakyndaky goşgulary edebi-çeperçilik taýdan kämillige eýe bolup türkmen halkynyň kalbynda mydamalyk orun aldy we ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly çeşmedir.

Magtymguly Pyragynyň Berkarar döwlet baradaky arzuwyny hasyl edip, halkymyzy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe ýaşadýan, söz ussadynyň sarpasyny has-da belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň edýän sahawatly işleri hemişe rowaç alsyn.