PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY


PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününe 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ady bilen tegelek stoluň başynda döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşykda çykyş eden döredijilik işgärleri türkmen halkymyzyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işler, şahyryň ömri we döredijiligi hakynda edebiýatçy alymlaryň, döredijilik işgärleriniň ýazan ylmy we çeper edebiýatlary, ýazan ylmy we çeper eserleri, şahyr hakda ýazylan goşgular hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Häzirki wagtda ýurdumyzyň medeniýet we sungat ojaklarynda, kitaphanalarda umumyadamzat şahyry Magtymguly Pyragy hakynda dürli döredijilik duşuşyklary, edebiýat agşamlary yzygiderli geçirilýär, dürli kitap sergileri guralýar. Döredijilik duşuşygyna gatnaşyjylar bular hakynda hem durup geçmek bilen öz söhbetleriniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.