ÖZGELERIŇ DURMUŞYNY KALBA SIŇDIRENLER


ÖZGELERIŇ DURMUŞYNY KALBA SIŇDIRENLER

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminde «Özgeleriň durmuşyny kalba siňdirenler» atly wagtlaýyn kitap sergisi gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, «Pähim–paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylýan ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, türkmen halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny, milliligini, däp-dessuryny, ylmyny-bilimini öwrenmeklige giň ýol açyldy.

Medeniýetimiziň möhüm bir bölegi bolan, döwrüň aýnasy hasaplanýan teatr sungaty hem özboluşly, öwşgünli sungat bolup, tomaşaçynyň göwün köşgüni galkyndyrýan döwrebap eserler, onuň juda giň älemine siňen zehinli artistleriň üsti bilen has-da kämilleşýär. Sahna oýunlarynyň her birinde gündelik durmuşda duş gelýän wakalar öz beýanyny tapyp, ýaş nesli dogruçyllyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemeklige hem aýratyn üns berilýär.

Bu sergide hem Sungat bölüminiň baý kitap hazynasynda bar bolan sungat ussatlaryna bagyşlanyp ýazylan gollanmalar hem-de kitaplar bilen gurnaldy.

Sungatda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.