GAHRYMANLARYŇ ESERLERI PÄHIM-PAÝHAS ÇEŞMESI, BAGTYÝAR TÜRKMEN ÝAŞLARY NESIHATYŇ TEŞNESI
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Gahrymanlaryň eserleri pähim-paýhas çeşmesi, bagtyýar türkmen ýaşlary nesihatyň teşnesi!» atly söhbetdeşlik.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Gahrymanlaryň eserleri pähim-paýhas çeşmesi, bagtyýar türkmen ýaşlary nesihatyň teşnesi!» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy gymmatlygymyzyň genji-hazynasy bolan kitabyň ýaş nesillerimiz, talyplarymyz tarapyndan uly söýgi bilen okalýandygy,ylaýtada olaryň Gahryman Arkadagymyzyň durmuş mekdebi bolan gymmatly kitaplaryny ,biziň şu günki bagtyýar ýaşlarmyz we talyplarymyz üçin uly pähim-paýhas we durmuş mekdebidigini, ýaşlarda Watany söýmekligiň, özüňde iň ýagşy gylyklary terbiýelemekde, kitaby söýmekde, ylym-bilim almakda bu gymmatly kitaplaryň belli bahasy ýoklygy barada söz açyp giňişleýin nygtadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup,olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.