GARAŞSYZLYK BAGTYMYZ
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlap «Garaşsyzlyk bagtymyz» ady bilen wideorolikda ýazgy edildi.
Çykyş edenler şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlap özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etmek bilen olar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň agzybirligini, özbaşdaklygyny,ata-babalarymyzyň döwletlilik we döwletliligiň ýol-ýörelgesiniň üpjün etmek barada gürrüň etdiler. Çykyşlarynyň ahyrynda halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup,olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.