USSAT ŞAHYR MAGTYMGULY PYRAGY


USSAT ŞAHYR MAGTYMGULY PYRAGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Magtymguly Pyragynyň dogulan güniniň 300 ýyllygy mynasybetli «Ussat şahyr Magtymguly Pyragy» ady bilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Magtymguly Pyragy türkmen ruhy medeniýetiniň özenidigini, Köpetdagyň ajaýyp dag eteginde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň bina edilen medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň dürdäne kitabynyň elimize gelip gowuşmagy, bu günki günde beýik şahyra goýulýan hormatyň aýdyň nyşany bolup durýandygy barada gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda açylyp ulanylmaga berlen bu «Medeni seýilgäh» toplumynyň gözellikleri dogrusynda we şol ýerde ýerleşdirilen dünýä edebiýatynyň ýazyjy şahyralary we olaryň ömür döredijiligi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli mirasymyzy sarpalap, medeni gymmatlyklarymyzy dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.