BILIMLI ÝAŞLAR–ÝURDUŇ GELJEGI


BILIMLI ÝAŞLAR–ÝURDUŇ GELJEGI

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Bilimli ýaşlar–ýurduň geljegi» atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Watanymyzyň geljegi ösüp gelýän ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, sagdyn, berk, bedenli adamlar bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda döredilýän mümkinçilikler barada gürrüňler edildi. Duşuşyga «Altyn asyr» teleýaýlymynyň «Söz mülküniň bossany» atly gepleşiginiň döredijilik topary hem gatnaşdy. Gurnalan sergi hem aýratyn täsir galdyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda ýaş nesilleriň ýagty geljegi üçin ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.