PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY


PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Altyn Asyr: Türkmenistan» teleýaýlymy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlap söhbetdeşlik etdiler. Bu söhbetdeşlige gatnaşyjylar akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, onuň diňe bir türkmen halkynyň akyldar şahyry bolmak bilen çäklenmän, eýsem umumadamzat şahyrydygyny, Magtymguly atamyzyň öwüt-nesihat, watansöýüjilik, ar-namys, yşk-söýgi, gaýratlylyk ýaly nakyla öwrülip giden gymmatly setirleri, ajaýyp goşgulary hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.