ARZUWLARA YLHAM ÇAÝÝAN ESERLER


ARZUWLARA YLHAM ÇAÝÝAN ESERLER

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Arzuwlara ylham çaýýan eserler» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik zehininiň miwesi bolan ajaýyp kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny, şeýle-de halkymyzyň ýan kitabyna öwrülen eserleriniň halkyň kalbynyň nuruna öwrülip, geljekki nesillere edebi miras, aýdyň ýol, her bir işde gollanma hem-de maglumat çeşmesi bolup durýandygyny nygtadylar.

Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda öz ömrüniň manly menzilleri hakyndaky ýatlamalary, her bir ynsan üçin, galyberse-de umumadamzat üçin gymmatly bolan arzuw-umytlar, duýgy-düşünjeler, pikir-garaýyşlar, Watanymyzyň ösüşli menzillerini beýan edilýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsanç sözlerini beýan etdiler.