TÄZE GELEN METBUGAT NEŞIRLERINE SYN


TÄZE GELEN METBUGAT NEŞIRLERINE SYN

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi tarapyndan «Täze gelen metbugat neşirlerine» kitaphana syny geçirildi.

Bölüme täze gelen A.Baltaýewiň «Arkadag hem Pyragy-köňüller şamçyragy» şeýle hem A.Eýeberenowyň «Syrly setirleriň çözgütleri» atly kitabyna giňişleýin syn berildi. Bu kitaplarda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Magtymguly Pyragynyň eserleriniň çeperçilik baýlygynyň, pelsepe-taglymat gymmatlygynyň nesilleri atalarymyzyň ruhlaryna ygrarly edip terbiýelemekdäki ähmiýeti barada söhbet edilýär.

Kitaphana synynda çykyş edenler sözleriniň ahyrynda dünýä edebiýatynda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimize uly sarpa goýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.