GYZYKLY ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT


GYZYKLY ERTEKILER DÜNÝÄSINE SYÝAHAT

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda «Gyzykly ertekiler dünýäsine syýahat» ady bilen sowal-jogap bäsleşigi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň her bir güni toýdur, baýramlara, taryhy wakalara beslenip, ýurdumyzda ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmegi, olaryň watansöýüji, zähmetsöýer, sagdyn bedenli kämil ynsanlar bolup ýetişmekleri ugrunda taýsyz tagallalary edilýänligi barada gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda türkmen halkynyň milli mirasyna öwrülen halk döredijiligimiziň aýratyn bir ugry bolan ertekiler olaryň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi we çagalaryň arasynda türkmen halk ertekiler esasynda sowal-jogap alşyldy.

Çäräniň ahyrynda çagalaryň arasynda ökde, bilesigeliji okuwçylar tapawutlandyryldy we minnetdarlyk bildirildi. Öz bagtyýar halkynyň gelejegini ylymda-bilimde ösüp gelýän ýaş nesillerimizde görýän, hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş sözleri beýan etdiler.